Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede Gorkmazyň işine garalýar


Türkiýede hökümete garşy protestleriň dowamynda bir ýaş adamyň urulyp- öldürilmegi bilen baglylykda sekiz adamyň, şol sanda dört sany polisiýa wekiliniň işi boýunça sud diňlenşigi başlandy. Ýurduň merkezinde ýerleşýän Kaýseri şäherinde howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi.

Habar berilişine görä, şähere barýan ýollarda barlag nokatlary döredildi. Sudyň jaýynyň töwerek-daşy ýapyldy. Duşenbe güni suduň geçýän ýerine 2 müňe golaý polisiýa işgäri jemlendi.

19 ýaşly Ali Ismail Gorkmaz geçen ýylyň iýun aýynda Eskişäher atly şäherde geçirilen protestleriň dowamynda ýetirilen şikesler zerarly öldi. Onuň ölüminde sekiz adam şol sanda dört sany graždan eşigine geýnen polisiýa işgäri aýyplanýar. Geçen ýylyň tomus aýlarynda Türkiýede bolan hökümete garşy çykyşlaryň dowamynda azyndan bäş adam heläk bolupdy we 8 müň çemesi adam ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG