Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanly gomoseksualyň ýaşryn durmuşy


Täjigistanly gomoseksual: "Men kimdir biri tarapyndan öldürilesim gelenok"
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:53 0:00

Täjigistanly gomoseksual: "Men kimdir biri tarapyndan öldürilesim gelenok"

Ýigrimi bäş ýyllap hakyky jynsy durkuny halkdan ýaşyryp gezen täjigistanly bir adam özüniň durmuş ýoly barada gürrüň berdi. Täjigistan jynsy azlyklara gezek gelende, olara garşy çydamsyzlyk görkezmekde tanalýan ýurt.
“Men ejeme: ‘Eje, men özümi gyz ýaly duýýan’ diýen wagtym alty ýaşlarymdadym” diýip, Komil gürrüň berýär. Ol ozallar hassalan wagtlary öz saglygyny bejerdişini ýatlaýar.
Haçan-da oňa ejesi: “Bu syryňy hiç kime aýan etmegin” diýip tabşyranda, Komil bir zada magat göz ýetirýär, ýagny täjik halkynyň arasynda jynsy azlyklara çydamsyzlyk höküm sürýär.
Ondan bäri aradan 10 ýyl çemesi wagt geçenem bolsa, 32 ýaşly Komil Täjigistanda henizem köp zadyň oňyn tarapa üýtgemändigini aýdýar. Ýöne 25 ýyllap özüniň hakyky jynsyny gizläp gezen Komil indiden beýläk “jemgyýet tarapyndan ret edilen öz jynsy durumy” barada açyk gürrüň etmäge taýýardygyny aýdýar.
Komil özüniň jynsy durumy barada aç-açan gürrüň edip biljekdigini, ýöne käbir durmuş reallyklaryny göz öňünde tutup, lakam ulanmagy dogry hasaplaýandygyny aýdýar: “Bu ýerde adamlar gomoseksuallyga, hamana, “bejerip bolýan” keseldir öýdýärler. Enem-atam meni lukman bolsa, tebip bolsa, molla bolsa görkezip çykdylar. Mollalar meni metjide eltip, bedenimdäki “erbet ruhy” “çykarjak boldular”. Olar meniň bedenimi aýal jyn-arwahyň eýeländigini, hamana, şoň üçinem erkekleri höwesleýändigimi aýdýardylar”.
“Jenaýat däl”
Täjigistan 1998-nji ýylda gomoseksuallygy “jenaýat däl” diýip yglan etdi. Ýöne şonda-da gomoseksuallar we jynsy azlyklar täjik halkynyň arasynda kemsidilmelere we ýekirilenmelere uçraýarlar.
Duşanbeli geý hukuklary boýunça aktiwist Ýelena Ibragimowa “ene atalar özleriniň geý çagalaryny geteroseksual gatnaşyklara mejbur edýärler” diýip gürrüň berýär. Ol şeýle ýagdaýda gurlan maşgalalaryň soňra barybir bozulýandygyny aýdýar.
Komil hem uzak ýyllaryň dowamynda özüni adaty adamlar ýaly alyp barmaga mejbur edilendigi üçin psihologiki taýdan uly kynçylyklara uçrandygyny gürrüň berýär.
Ene-atasy oňa durmuş gurmak üçin gyz tapypdyrlar we Komili öýlendirjek bolupdyrlar. Ol gyz bolsa Komiliň jynsy aýratynlyklary barada hiç zatdan habarsyz ekeni. Şonuň üçin hem Komil soňra öýlenmekden el çekipdir. Ol: “Meniň başga bir adamyň durmuşyny we arzuw-hyýallaryny puja çykarasym gelenok” diýýär.
Komiliň bu kararyna onuň agalary gaharlanypdyrlar. Olar ‘Komil tutuş maşgalany biabraý etdi’ diýip, ondan geçipdirler.
Bu ýurtda köpleriň bolşy ýaly, Komil hem agzalýan meselede özüni ümsüm alyp barmaly bolýar.
“Hakyky jynsyny gizlemeli bolýarlar”
Ibragimowa Täjigistanda üns bererlik derejede geý we lezbi oglan-gyzlaryň sanynyň bardygyny aýdýar. “Ýöne olar öz hakyky jynsy sypatyny halkdan gizlemeli bolýarlar” diýip, ol nygtaýar.
Täjigistanly psihologlar jynsy durumy beýlekilerden tapawutlanýan adamlara özleriniň bejergi seanslaryny hödürleýändiklerini aýdýarlar.
Ozal birnäçe geý we lezbileri bejeren duşanbeli psiholog Zarrina Genjäýewa gomoseksuallygyň edil neşe ýaly, spirtli içgi ýaly endikdigini we bu ýagdaýy adamynyň öz erkine daýanyp, bejerip bolýandygyny aýdýar: “Biz bejergi arkaly geý oglanlaryň ruhundaky erkeklik duýgusyny oýaryp bileris. Wagtyň geçmegi bilen olar öz endiklerinden el çekerler”.
Komiliň ene-atasy öz ogullarynyň haçanam bolsa bir gün “sagaljakdygyna” çyn ýürekden ynanýarlar. Ýöne Komiliň özi welin “indi besdir” diýýär.”
Ol daşary ýurda gidip, ol ýerde “aç-açan ýaşamak” barada-da pikir edipdir. Ýöne maddy meseleler we wiza problemasy mydama onuň öňüni baglaýar. Şol sebäpdenem indi ol Täjigistanda hemişelik galmagy kabul edene meňzeýär.
Komil: “Men bir zada magat göz ýetirdim; bu jemgyýetde meni hiç haçan kabul etmezler. Men adamlardan ýekeje zady haýyş edýärin: maňa azragam bolsa, düşünäýsediler, meni azragam bolsa öz aralaryna sygdyraýsadylar... Sebäbi menem şu jemgyýetiň agzasy ahyryn. Meniň başga gidere ýerim ýok”.
XS
SM
MD
LG