Sepleriň elýeterliligi

SR: Metbugat azatlygy barha ýaramazlaşýar


Belarusly žurnalist Gennadiý Barbariç

Belarusly žurnalist Gennadiý Barbariç

Žurnalistleriň hak-hukuklaryny goraýan “Serhetsiz Reportýorlar” guramasy öňki sowet ýurtlarynda maglumat azatlygy bilen bagly ýagdaýyň ýyl-ýyldan erbetleşýändigini habar berýär.

Düýbi Fransiýanyň paýtagty Parižde ýerleşýän gurama çarşenbe güni özüniň ýyllyk “World Press Freedom Index” atly hasabatyny çap etdi. Onda dünýäniň 180 ýurdundaky metbugat azatlygynyň derejesine syn edilýär.

“Sehetsiz Reportýorlar” guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa bölümi boýunça müdiri Ýohan Bihr AÝ/AR-na beren interwýusynda rus häkimiýetleriniň barha rehimsiz kanunlary kabul etmek bilen repressiw ýoly saýlap alandygy we öz tejribesini tutuş regiona ýaýradandygy aýdylýar.

Gürrüňi edilýän hasabatda Russiýa maglumat azatlygy boýunça dünýäde iň erbet orunlaryň biri bolan 148-nji ýerde ýerleşdirilipdir.

Bu ugurda Bihr Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi. “2013-nji ýyl Russiýadaky maglumat azatlygynyň giňişligini barha çäklendirýän repressiw kanunlar bilen aýratyn tapawutlanýar. Mysal üçin, bu ýurtda milli gymmatlyklar täze çäklendirmeleri aklamak üçin ulanyldy. Olaryň arasynda gomoseksuallygy propaganda etmegiň jenaýat hökmünde sanawa girizilmegi ýa-da Hudaýa dil ýetirmegiň gadagan edilmegi ýaly kanunlar bar. Žurnalistler öz işleri bilen baglanyşykly tussag edildiler”.

Gündogar Ýewropa

Belarus bu sanawda 157-nji orunda ýerleşdirilip, “Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň berýän maglumatyna görä, bu ýurtda köçe protestleri barada maglumat taýýarlaýan žurnalistler “yzygiderli tussag edilipdirler we ýurduň dolandyryjylary resmi liniýa ses goşmaýanlary dymdyrmak üçin “ekstremizme garşy göreşi” bahanalap, çäre görüpdirler.

Bu hasabatda Ukraina 127-nji orunda ýerleşdirilipdir. Ýöne gürrüňi edilýän guramanyň berýän maglumatyna görä, Ukrainada 2013-nji ýylyň dekabr aýynda başlan syýasy krizis we hökümetiň kabul eden “gaty repressiw syýasaty” bu ýylyň indeksini öz içine alýan döwürden soň bolup geçipdir.

​Bihr Gazagystan we Azerbaýjan “metbugat azatlygynyň basylyp ýatyrylmagynyň öň ýanynda” diýýär. Hasabatda Gazagystan 161-nji, Azerbaýjan bolsa 160-njy orunda ýerleşdirilipdir.

Azerbaýjanda telewizion stansiýalarynyň uçdantutma hemmesi döwletiň kontrollygynda galýar we “Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň berýän maglumatyna görä, režime boýun egmeýän žurnalistler we bloggerler fiziki hüjümlere, ölüm haýbatlaryna we alnyp gaçylmalara sezewar edilýärler.

Bihr Gazagystandaky metbugat azatlygynyň “erkin aşak gaçýandygyny” aýdyp, şeýle diýýär: “2012-nji ýylyň başynda Gazagystan özüniň ähli milli oppozision metbugatyny ýapdy. Şondan bäri ýerli derejede ýa-da tutuş ýurt derejesinde hereket etmäge synanyşýan tankydy metbugat guramalarynyň ählisiniň garşysyna toslama aýyplamalar, ýagny dürli administratiw bahanalar bilen sud işleri gozgaldy”.

Merkezi Aziýa

“Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň toplan faktlaryna esaslanýan hasabatda Täjigistan maglumat azatlygynyň derejesi boýunça dünýäde 115-nji orunda ýerleşdirilipdir. Hasabatda aýdylmagyna görä, bu ýurtda garaşsyz habar websahypalarynyň eden-etdilik bilen öňi alynýar we 2013-nji ýylda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda hem saýlaw kampaniýasy prezident Emomali Rahmonyň peýdasyna “aç-açan ýoýulypdyr”.

Ýuhan Bihr

Ýuhan Bihr

Hasabatda aýdylyşyna görä, zabun senzura Özbegistanda hem öz hökümini ýöredýär. Maglumat azatlygy boýunça Özbegistan dünýäde 166-njy orunda ýerleşdirilip, häzirki wagtda bu ýurtda “azyndan 10 žurnalistiň we internet ulanyjylarynyň tussaglykda saklanylýandygy” habar berilýär.

“Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň ýaýradan hasabatynda Türkmenistan maglumat azatlygy boýunça dünýädäki iň bir erbet orunda, ýagny 178-nji orunda ýerleşdirilip, bu ýurduň “habar we maglumat azatlygy boýunça hut garaňky gorp” bolup galýandygy aýdylýar we Türkmenistan žurnalistler üçin “ hakyky dowzah” hökmünde häsiýetlendirilýär.

Bu hasabatda regiondaky beýleki ýurtlar bolan Moldowa 56-njy, Ermenistan 78-nji, Gürjüstan 84-nji we Gyrgyzystan 97-nji orunda ýerleşdirilipdir.

XS
SM
MD
LG