Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku: Gaz partlady


Bakuda gaz partlamasy diýlip habar berilen wakada iki adam heläk boldy. Bakunyň Hatai etrabyna golaý ýerde ýerleşýän ýangyç stansiýasynda penşenbe güni agşam bolan partlamada iki adam heläk bolupdyr we bir adam ýaralanypdyr.

Ýerli resmileriň aýtmagyna görä, partlamanyň emele gelmegine ýeriň astyndaky gaz saklanýan ýerden gazyň çykmagynyň sebäp bolan bolmagy ähtimal.

Penşenbe güni Azerbaýjanyň paýtagtynyň merkezinde gurulyp duran binada hem gaz partlamasy boldy. Bu partlama-da gazyň çykmagynyň sebäp bolan bolmagy çak edilýär. Bu partlamada üç adam ýaralandy. Partlamalar bilen baglylykda resmi beýannama edilmedi.
XS
SM
MD
LG