Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Walentin güni basyş astynda


Pakistanda Walentin gününi, ýagny Söýgüliler gününi gorap çykyş edýänleriň we oňa garşylyk bildirýänleriň arasynda bolan çaknyşyklarda azyndan bir talyp ýaralandy.

AÝ/AR-nyň habarçysynyň berýän maglumatyna görä, bu çaknyşyk ýurduň demirgazygyndaky Peşawar şäheriniň uniwersitetinde ýüze çykypdyr.

Özbegistanda bolsa, ymamlar we mollalar juma namazyndaky wagyzlarynda Walentin gününi bellemekden gaça durmaga çagyryş etdiler. Olar Walentin gününiň Yslam dinine we özbek däp-dessuryna gabat gelmeýändigini aýdyp, onuň daşary ýurt baýramçylygydygyny belleýärler.

Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş şäherinde bolsa, ýerli bilim bölümi okuwçylara Walentin gününi bellemegiň ýerine mekdep bäsleşigine we “Ata watany goramak güni” atly baýramçylyga taýýarlanmaga çagyryş etdi.
XS
SM
MD
LG