Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda 20 esger öldürildi


Owgan resmileri «talyban» pitneçileriniň Kunar welaýatynda bir goşun postuna hüjüm edip, 20 esgeri öldürendiklerini aýdýarlar.

Ýekşenbe güni edilen hüjüm soňky aýlarda howpsuzlyk güýçlerine garşy amala aşyrylan iň ganly hüjümleriň biri boldy.

Kunar welaýatynyň häkimi Şuja Ul Mulk Jalala Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna azyndan 8 esgeriň zamun alnandygyny gürrüň berdi.

Goranmak ministrliginiň sözçüsi Kunaryň Pakistan bilen serhedine golaý etrapda bolan hüjüm onlarça owgan we daşary ýurt söweşijileriniň gatanaşmagynda amala aşyryldy diýdi.
XS
SM
MD
LG