Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: "Bolotnaýa" tussaglaryna iş kesildi


Moskwanyň sudy Bolotnaýa diýlip tanalýan iş boýunça tussag edilen sekiz adamdan ýedisini iki ýarym we dört ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm etdi. Olaryň arasynda bolan diňe bir zenan Aleksandra Naumowa-Duhanina şertli tussaglyga höküm edildi.

Bu sekiz adam tertip-düzgüni bozmakda we polisiýa hüjüm etmekde günäli tapyldy. Polisiýa duşenbe güni suduň geçýän jaýynyň öňünde 100-e golaý protestçini, şol sanda oppozision lider Alekseý Nawalnyny tussag etdi.

24-nji fewralda Zamoskworetskiý sudunyň öňünde žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Nawalnyý özüne Ukrainadaky wakalar barada berilen sowala jogap berip, “mesele Maýdanda däl, Maýdan başda ýurtda boldy. Başga ýurduň raýatlary öz hukuklarynyň ugrunda göreşdiler. Mesele, biz öz azatlygymyzyň ugrunda göreşmäge taýýarmy diýen sowalda” diýip belledi.

Adam hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” guramasy suduň çykaran permanyny “aýylganç adalatsyzlyk” diýip atlandyrdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti tutha-tutluklary syýasy sebäplere bagly, diýip atlandyrdy we Orsýetde kanunlaryň berjaý edilmeýändigine aladalanma bildirdi. Tussaglyga höküm edilen sekiz adam 2012-nji ýylyň maý aýynda prezident Wladimir Putine garşy geçirilen ýörişleriň dowamynda tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG