Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Aşton Russiýa çagyryş edýär


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Katerine Aşton

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Katerine Aşton

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Katerine Aşton Russiýa ýüzlenip, Ukraina gowy goňşuçylyk däplerine laýyklykda çemeleşmäge we bu ýurduň öz saýlan ugry boýunça öňe hereket etmägi üçin ony öz gününe goýmaga çagyrdy.

Sişenbe güni Kiýewde geçirilen metbugat ýygnagynda eden çykyşynda Aşton Ukrainanyň täze liderlerine “berk goldawyny” äşgär etdi.

Aşton şenbe güni prezident Wiktor Ýanukowiç parlament tarapyndan wezipeden çetleşdirilenden soň, Ukraina sapar eden ilkinji daşary ýurt lideri boldy. Ýanukowiçiň häkimiýetden aýrylmagynyň öňüsyrasy ýurtda üç aý töweregi hökümete garşy protestler boldy.

Maliýe goldawy

Aşton Ukrainanyň täze resmilerinden “mazmunly” bir hökümeti düzmegi sorady. Ol Günbataryň ýurduň çöken ykdysadyýetine maliýe goldawyny bermegi üçin, täze hökümetiň reforma programmalarynyň üstünde işlemeginiň zerurdygyny nygtady.

Aşton Ýewropa Bileleşiginiň Ukraina üçin gysga we uzak möhletleýin karzlary bermek mümkinçiliklerine garaýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy. Emma ýewropa resmisi mundan başga jikme-jik maglumat bermedi. Ol ÝB-niň Halkara walýuta fondy (IMF) bilen işleşjekdigini, emma bu guramanyň karz pul bermek babatynda özbaşdak netijä geljekdigini aýtdy.

Kreml

Sişenbe güni Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwada eden çykyşynda Ukrainanyň Russiýa bilen Günbataryň arasynda birden-birini saýlamaga mejbur edilmeli däldigini aýtdy.

Ol: “Ukrainany ‘sen ýa-ha biz bilen bolarsyň ýa-da bize garşy’ diýen düşünje bilen [tarap] saýlamaga mejbur etmek, howply we ters netijeleri döreder. Biz Ukrainanyň sözüň doly manysynda umumy ýewropa maşgalasynyň bir bölegi bolup galmagyna gyzyklanma bildirýäris” diýdi.

Lawrow Ukrainada irki prezidentlik saýlawlaryny geçirmek kararyny hem tankytlady. Rus resmisi munuň 21-nji fewralda ÝB-niň howandarlygynda baglaşylan krizisi çözmek ylalaşygyna ters gelýändigini belläp, bu ugurda ilki konstitusion reformalaryň durmuşa geçirilmelidigini nygtady.

Bu aralykda ukrain parlamenti täze hökümeti düzmek işini yza süýşürdi.

Parlamentiň başlygy we prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji Oleksandr Turçynow, konsultasiýalar üçin has köpräk wagt bermek üçin, sişenbe güni bolmaly ses berşiligiň penşenbe gününe süýşürilendigini mälim etdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG