Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awazada windsurfing ýaryşy geçer


Windsurfing ýagny suwuň ýüzünde ýelkenli tagtanyň üstünde maşklary ýerine ýetirmek boýunça dünýä ýaryşynyň tapgyry şu ýylyň tomsunda birinji gezek Türkmenistanda geçiriler.

Türkmen döwlet mediasynyň anna güni habar bermegine görä, ýaryş 1-6-njy iýul aralygynda Kaspy deňzinde Awaza kurortynda geçiriler. Soňky ýyllarda türkmen hökümeti Awazany ösdürmek üçin mümkinçilik gözleýär.

“Professional Windsurfing Assosiasiýasynyň” (PWA) websaýtyna görä, ýaryşlar aýallaryň we erkekler arasynda slalom görnüşinde geçiriler. Bu ýaryş “Professional Windsurfing Assosiasiýasynyň” we Türkiýäniň “Polimeks” şirketiniň arasynda gol çekilen ylalaşygyň esasynda geçiriler.

Bu ýaryşy geçirmek arkaly Awaza windsurfing üçin niýetlenen meşhur Kanary adalary we Germaniýanyň Sylt diýen ýeri bilen bir hatara goýular.
XS
SM
MD
LG