Sepleriň elýeterliligi

Hytaý: Aktiwist huşuny ýitirdi


Hytaýyň geçen ýyl tussag edilen tanymal adam hukuklary aktiwistiniň Pekin hassahanasynda hemişelik hassa bolandygy aýdylýar.

Kao Şunli sentýabrda Pekindäki Daşary işler ministrliginiň binasynyň öňünde iki aý oturma protestini geçiripdi.

Aktiwistiň doktory indi onuň huşsuz ýatandygyny aýdýar. Ol resmiler tarapyndan sentýabryň ortasynda, Ženewa adam hukuklary boýunça tälim programmasyna gatnaşmaga gitmekçi bolanda tussag edildi.

Hytaýdaky Adam hukuklary guramasy onuň oktýabrda «bulagaýlyk döretmekde» aýyplanandygyny aýtdy.

Hukuk topary onuň inçekesel we bagyr kesellerinden ejir çekendigini we ýagdaýy halys agyrlaşýança medisina kömegini alyp bilmändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG