Sepleriň elýeterliligi

Günbatar Orsýeti seresaplyga çagyrýar


Ýewropaçy aktiwistler Kiýewde wepat bolanlary hatyralaýar, Dnepropetrowsk, 1-nji mart, 2014.

Ýewropaçy aktiwistler Kiýewde wepat bolanlary hatyralaýar, Dnepropetrowsk, 1-nji mart, 2014.

Birleşen Ştatlar Orsýetiň Ukrainanyň territoriýasyna harby interwensiýasyny ýazgardy we Orsýetiň öz goşunlaryny Krymdaky bazalaryna, yzyna çekmegine çagyrdy.

Ak tam şenbe güni prezident Barak Obamanyň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen 90 minutlap telefonda gürleşip, oňa aladalary aradan aýyrmagyň dogry-düzüw ýoly ukrain hökümeti we halkara araçy guramalar bilen «parahatçylykly we göni gepleşiklere» bagly diýendigini aýtdy.

Prezident Barak Obama

Prezident Barak Obama

Şeýle-de ol Moskwanyň halkara kanunçylygyny bozmagy dowam etdirmeginiň has beter syýasy-ykdysady izolýasiýa alyp geljegini duýdurdy.

Kreml Putin Obama Moskwanyň öz bähbitlerini we Ukrainadaky rus dili ilaty goramak hukugyny özünde galdyrýandygyny aýtdy diýdi.

Pentagonyň duýduryşy

Şu arada Pentagon ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Heýgeliň rus kärdeşi Sergeý Şoýgu bilen gürleşip, oňa Orsýet sebitdäki durnuksyzlygy ilerletmek, halkara jemgyýetçiliginde izolýasiýa, Ýewropa hem halkara howpsuzlygyna wehim salyp biljek eskalasiýa töwekgelligine baş goşýar diýendigini aýtdy.

Amerikan ilçisi Samanta Power BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň adatdan daşary sessiýasynda çykyş edip, Orsýeti halkara borçlaryny ýerine ýetirmezlikde aýyplady.

Şeýle-de ol ÝHHG-nyň we BMG-niň synçylaryny derhal Ukraina ibermek bilen, ol ýerdäki dartgynlaşmalary aradan aýyrjak bolmaga çagyrdy:

"Orsýetiň Ukraina interwensiýasyny soňlamagyň wagty geldi. Orsýetiň harbylary yza çekilmeli, ukrain halkynyň arzuw-isleglerine hormat goýulmaly we syýasy dialogyň dowam etmegine ýol bermeli."

Ukrainanyň BMG-däki ilçisi Ýuriý Sergeýew Howpsuzlyk geňeşini Orsýetiň «argressiýasyny» togtatmak üçin mümkin bolan ähli zady etmäge çagyrdy.

"Sowuk akyla eýermeli"

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Jan Eliasson taraplaryň ählisiniň arasynda dialoga çagyrdy:

"Bu guramanyň missiýasyny ýatda saklamak möhüm: hemişe dawalary parahatçylykly çözmegiň ýoluny gözlemeli. Bu BMG-niň Düzgünnamasynyň özeni we şu ýagdaýda biziň esasy gollanmamyz bolup hyzmat etmeli. Häzir duýgulary goýup, sowuk akyla eýerilse gowy bolar."

NATO, Ukrainadaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin, ýekşenbe güni ýaranlygyň esasy syýasy karar çykarýan guramasynyň, Demirgazyk Atlantik geňeşiň adatdan daşary ýygnagyny çagyrdy.

NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen Twitterde yglan eden beýanatynda «Orsýet Ukrainanyň özygtyýarlylygyna, territorial bitewiligine we serhetlerine hormat goýmaly» diýdi.
Ketrin Aşton

Ketrin Aşton


ÝB-niň daşary syýasat başlygy Ketrin Aşton Moskwany halkara borçlaryny berjaý etmäge, Ukrainadaky goşunlaryny yza çekmäge we öz garaýyşlaryny parahat görnüşde wagyz etmäge çagyrdy.

ÝB bileleşigiň daşary işler ministrleriniň duşenbe güni Ukraina barada gyssagly maslahat geçirjegini aýtdy.

Birleşen Ştatlar bilen Kanada Soçide geçirilmegi planlaşdyrylýan 8-ler sammitine gatnaşmak taýýarlyklaryny togtatdylar. Kanadanyň Moskwadaky ilçisi konsultasiýa üçin ýurduna çagyrylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG