Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaşlar we Sosial medianyň çäklendirilmegi


"iPhone" hem-de tablet
"iPhone" hem-de tablet
Ýakynda Aşgabadyň 55-nji orta mekdebinde irden geçirilýän lineýkada mekdep müdiri okuwçylara internetdäki sosial saýtlara girip, şol sahypalarda hasap açmazlygy hem-de öz surtlaryny goýmazlygy tabşyrypdyr. Tabşyryk äsgerilmese, şol hasaplaryň eýelerine garşy çäre görülmeginiň mümkindigi hem duýdurylypdyr.

Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanda Facebook sahypasy indi ep-esli wagtdan bäri ýapyk bolup, Twitter, WeChat, WhatsApp, Viber, Line ýaly sosial programmadyr sahypalar hem wagtal-wagtal petiklenýär.

Eýsem, Türkmenistandaky bu täze tabşyryk barada siz näme pikirde? Şeýle-de, ýurtda siz şeýle programmalardan we sosial sahypalardan peýdalanýarsyňyzmy? Ulanyan bolsaňyz, olaryň böwedini geçmek üçin nähili usullardan peýdalanýarsyňyz?

Täze Tolkunyň nobatdaky gepleşiginde şu tema barada gürrüň ederis. Bu baradaky tejribeleriňizi we garaýyşlaryňyzy aşakdaky forumda galdyryp bilersiňiz.

Isleseňiz, öz pikiriňizi gepleşigimize gatnaşyp hem beýan edip bilersiňiz. Biz bilen aragatnaşyk gurmak isleseňiz, hat@azatradio.org email adresimize hat ugradyň. Özümiz siziň bilen habarlaşarys.
XS
SM
MD
LG