Sepleriň elýeterliligi

Krym: Diplomatik tagallalar güýjeýär


Ukrain esgeri rus harbylarydygy çaklanylýan adamlara nazar aýlaýar. Simferopol. 3-nji mart, 2014 ý.

Ukrain esgeri rus harbylarydygy çaklanylýan adamlara nazar aýlaýar. Simferopol. 3-nji mart, 2014 ý.

Orsýetiň ýaragly güýçleri Krym ýarymadasynda öz pozisiýalaryny berkidip ýörkä, gyssagly diplomatik hereketler hem dowam edýär.

Birleşen Ştatlaryň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndaky wekili bu guramany Ukraina "derhal" bir gözegçilik missiýasyny ibermäge çagyrdy.

Ilçi Daniel Baer bu çagyryşy ÝHHG-niň Ýörite Hemişelik Geňeşiniň Wenada geçjek duşuşygynyň öň ýanynda duşenbe güni beren beýanatynda etdi.

Baeriň aýtmagyna görä, missiýa ýagdaýa gözegçilik edip, konfliktiň öňüni almaly, azlyklaryň adam hukuklarynyň goralmagyny üpjün etmeli, serhetde konflikt bolmagynyň öňüni almaly, territorial bütewüligiň hormatlanmagyny güýçlendirmeli, şeýle hem regionda parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy saklamaly.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretarynyň Ýewropa boýunça kömekçisi Wiktoria Nuland ÝHHG bilen pikir alyşmak üçin duşenbe güni Wena barar.

"Gorag"

Bu aralykda Orsýetiň daşary işler ministri Sergei Lawrow Ukrainanyň Krym ýarymadasyna giren ors ýaragly güýçleriniň ol ýerde ýaşaýan orslary goraýandygyny aýtdy.

Lawrow duşenbe güni Ženewada Birleşen Milletler Guramasynyň Adam Hukuklary Geňeşinde "syýasy ýagdaý kadalaşýança" Ukrainada Orsýetiň ýaragly güýçlerinden peýdalanmagyň zerurdygyny belledi: "Biz bu ýerde öz raýatlarymyzy, ildeşlerimizi goramagyň, elementar adam hukugyny, ýagny ýaşama hukugyny goramagyň gürrüňini edýäris. Bu ýagdaýy agressiýa derejesine ýetirmäge synanyşyp, mümkin bolan sanksiýalar we boýkotlar bilen bize haýbat atýan ýaranlarymyz Ukrainada özlerine ýakyn syýasy güýçleri tutanýerlilik bilen birsyhly ultimatumlara ýüz urup, dialogy ret etmäge, Ukrainanyň günorta we gündogar bölekleriniň aladalaryny äsgermezlik etmäge ruhlandyrdylar. Bu bolsa ukrain jemgyýetiniň polýarlaşmagyna getirdi".

Lawrow krizis barada pikir alyşmak üçin duşenbe güni Ženewada Birleşen Milletller Guramasynyň baş sekretary Ban Ki-moon bilen duşuşýar.

Britaniýanyň häzir Kiýewde bolan daşary işler ministri William Heýg duşenbe güni ýagdaýy "gaty dartgynly hem howply" diýip häsiýetlendirip, şeýle duýduryş ýaýratdy: "Bu ýagdaýy çözüp bolmasa, Orsýetiň Ukrainanyň suwernitetini, territorial bütewüligini hormatlamagyny gazanyp bolmasa, onda bu başga netijlere we harajatlara sebäp bolar".

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Ukraina barada pikir alyşmak üçin duşenbe güni Brýussele ýygnandylar.

Ýekşenbe güni dünýäniň senagatlaşan uly ýurtlaryndan durýan G7 topary özleriniň Orsýetde geçjek halkara sammite taýýarlyk işlerini wagtlaýyn togtatjakdyklaryny aýtdylar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG