Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: 5 esger öldürildi


Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky NATO koalisiýasy Owganystanyň gündogarynda Owgan milli armiýasynyň bäş esgeriniň tötänleýin öldürilendigini tassyklady.

Maglumatlara görä, wakada başga-da azyndan sekiz esger ýaralanypdyr. Owganystanyň hökümet resmileri bu wakanyň ABŞ-nyň pilotsyz uçarlarynyň ýalňyş howa zarbasy esasynda amala aşyrylandygyny aýdýarlar.

Koalisiýa öz ýaýradan beýanatynda “bu gynançly wakanyň döremegine sebäp bolan ýagdaýy kesgitlemek üçin derňewleriň dowam edýändigini” habar berýär.

Gürrüňi edilýän waka penşenbe güni Owganystanyň Logar welaýatynda ýüze çykdy. Bu waka eýýäm gatnaşyklary erbetleşen prezident Hamid Karzaý bilen ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky NATO koalisiýasynyň arasyndaky aragatnaşygyň has-da dartgynlaşmagyna sebäp boljaga çalym edýär.
XS
SM
MD
LG