Sepleriň elýeterliligi

"Türkiýe Burslari" arzalary kabul edýär


Türkiýe döwletiniň "Türkiýe Burslari" stipendiýaly okuw programmasynyň websahypasyndan bir bölek

Türkiýe döwletiniň "Türkiýe Burslari" stipendiýaly okuw programmasynyň websahypasyndan bir bölek

Türkiýe döwletiniň stipendiýaly okuw mümkinçiliklerini hödürleýän "Türkiýe Burslari" programmasy boýunça aspirantura we doktorantura okuwlary üçin arza kabul edişlik başlandy.
Dokumentler 3-nji martdan 31-nji marta çenli kabul ediler. Bu barada Türkiýäniň stipendiýaly okuw mümkinçiliklerini hödürleýän www.turkiyeburslari.gov.tr websahypasy habar berýär.

Okuw programmalary
Websahypada habar berilmegine görä, aspiranturada we doktoranturada okamak isleýänler üçin dört okuw programmasy ýola goýlupdyr. Olar "Ali Kuşçu bilim we tehnologiýa", "Ibn Haldun Sosyal Bilimler", “Ýunus Emre türk dili” we”Ylahyýet” okuw programmalarydyr.
Bu okuw programmalary boýunça ylym we tehnologiýa ugrundan bilim almak isleýänlere "Ali Kuşçu" we sosial bilimler ugrundan bilim almak isleýänlere bolsa öz arzasyny "Ibn Haldun Sosyal Bilimler" okuw programmasyna tabşyrmaklyk maslahat berilýär.

Stipendiýa
Türkiýe döwletiniň hödürleýän stipendiýaly okuw programmasynda, aspirantura okuwyny okamaga mümkinçilik gazananlar aýda takmynan 400$, doktorantura okuwyny okamaga mümkinçilik gazananlar bolsa aýda takmynan 550$ stipendiýa bilen üpjün edilerler.
Websahypada bellenmegine görä, okuwa kabul edilenler döwletiň umumy ýaşaýyş jaýlarynda mugt galyp bilýärler we ýerleşen ýokary okuw jaýy üçin hiç hili pul tölemeýärler.
Şeýle-de, studentler okuwa başlamazdan öň bir ýyl mugt türkçe dil okuwyny okarlar we aspiranturany ýa-da doktoranturany tamamlaýançalar, saglyk ätiýaçlandyryşlary bilen hem üpjün edilerler diýlip, websahypada bellenilýär.
Aspirantura we doktorantura okuwyny okamaga mümkinçilik gazananlar, bir ýyl türk dilini öwrenýän döwründe hem hödürlenýän ähli mümkinçiliklerden peýdalanyp bilerler. Studentler ilkinji gezek Türkiýä baranlarynda hem-de okuwyny tamamlap yzyna dolananlarynda, olaryň ýol çykdajylaryny Türkiýe döwleti öz üstüne alýar.

Arza tabşyrmagyň şertleri
Websahypada bellenmegine görä, aspirantura ýa-da doktorantura arza tabşyrmak üçin, ondan aşaky bilim derejesinde okuwyny tamamlan (Eger-de aspirantura dokument tabşyrýan bolsa, onda islendik ýokary okuw jaýynyň uçurymy) ýa-da üstümizdäki okuw ýylynda okuwyny tamamlaýan studentler dokumentlerini tabşyryp bilerler.
Hödürlenýän bu programma laýyklykda, aspirantura üçin dokument tabşyrjak studentler 01.01.1984, doktorantura üçin dokument tabşyrjaklar bolsa 01.01.1979-njy ýylda ýa-da ondan soň doglan bolmaly.
Türkiýe döwletinde aspiranturada ýa-da doktoranturada okamak isleýänler dokumentlerini elektron görnüşde turkiyeburslari.gov.tr internet adresine tabşyryp bilerler.
XS
SM
MD
LG