Sepleriň elýeterliligi

Yrakdaky hüjümlerde onlarça adam öldi


Yrakdaky bombaly hüjümlerde we çaknyşyklarda azyndan 30 adam öldi.
Penşenbe güni agşam Bagdadyň şaýy musulmanlarynyň ýaşaýan sebitine edilen üç ulagly bomba hüjüminde azyndan 11 adam öldi we başga-da takmynan 35 sanysy ýaralandy.
Bagdadyň dürli sebitlerinde ýoluň gyrasyna düşelen bombanyň partlamagy netijesinde bir polisiýa işgäri öldi we başga-da sekiz sanysy ýaralandy.
Bagdatdan takmynan 95 kilometr uzaklykda ýerleşýän Hilla sebitinde hem iki bombaly ulagyň partlamagy netijesinde dokuz adam öldi, 28 sanysy hem ýaralandy.
Yragyň paýtagtyndan takmynan 30 kilometr uzaklykda ýerleşýän Mişada sebitinde-de bombaly ulagyň partladylmagy netijesinde parahat ilatyň arasyndan bäş adam heläk boldy.
XS
SM
MD
LG