Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: Gadaganlyk haýbatlary we garaýyşlar


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan çykyş edýär. Belgiýa. Ýanwar, 2014 ý.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan çykyş edýär. Belgiýa. Ýanwar, 2014 ý.

Stambulyň merkezinde ýerleşýän märekeli Istiklal köçesinde adamlaryň başyny galdyrman, gözüni smart, ýagny ýeserje telefonlaryndan sowman öz ugruna geçip gitmegi adaty zat hasaplanýar.

Sosial ulgamlara şeýle bir öwrenişilipdir welin, arakesme wagtynda bir piwohanadaky ýerli sazanda oturyp, tweet ýazýar.

Onsoň Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdoganyň 30-njy martdaky ýerli saýlawlardan soňra Facebook we YouTube sosial ulgamlaryny gadagan etmek barada oýlanjakdygyny aýtmagy Stambulyň ilatyndan bolan ýaşlaryň oňat garşylamajakdygy geň zat däl.

"Men muňa begenemok, ýöne biziň bu barada edip bilýän zadymyz ýok" diýip, 21 ýaşly student Adam aýdýar.

Ol soňra hem: "Ýaşlar muňa ýalňyş diýýär, biz onuň yzyna alynmagyny isleýäris, ýöne üýtgän zat bolmaz" diýip, sözüniň üstüni ýetirýär.

Erdogan Facebook bilen YouTube ulgamlaryny gadagan etmek baradaky niýetini hususy "ATV" telekanalyna beren interwýusynda aýtdy.

Ýazgy

Munuň sebäbi premýer-ministr bilen onuň ýaranlarynyň arasynda bolup geçen gürrüňleriň audio ýazgylarynyň YouTube saýtynda peýda bolanlygy.

Erdogana degişlidigi aýdylýan bir wideoda ol öz ogly Bilala bir milliard dollara deň puly gizlemegi ündeýär.

Erdogan bu ýazgylaryň toslamadygyny, montaž edilendigini aýdyp, syýasy bäsdeşlerini özüni garalamak üçin sosial mediadan galp peýdalanmakda aýyplaýar.

Onuň aýtmagyna görä, bu ýazgylar özüniň öňki syýasy ýarany, sürgün edilen syýasy lider Fethullah Gülen bilen onuň yzyna eýerlänler tarapynda dolandyrylýan "parallel döwletiň" edýän işi.

"Meniň aýdýanlaryma ynanyň, men we meniň dostlarym - olaryň hemmesi diýemok - öz niýetimizde berk durus. Biz bu milleti YouTube, Facebook we şuňa meňzeş zatlara pida edip bilmeris" diýip, Erdogan aýtdy.

Stambul uniwersitetiniň daşynda Beýazit meýdanynda 22 ýaşly geografiýa ugrundan okaýan student Buket Kaýa Erdogan baradaky ýazgylar hakdaky maglumatlary öz dostlary bilen Facebook arkaly paýlaşandygyny aýdýar. Onuň pikiriçe, agzalýan sosial ulgamlary ýapmak "samsyklyk" bolar.

"Meniň telewideniýä tomaşa etmäge wagtym ýok. Şol sebäpden ähli maglumatlary sosial mediadan alýaryn. Bular bolmasa, dostlarym gybatlary, habarlary, telefon ýazgylaryny sosial ulgamlaryň üsti bilen paýlaşmasalar, täzelikleri nireden alaýyn?" diýip Kaýa gürrüň berýär.

Ol soňra hem YouTube saýtynyň 2008-nji ýylda ýapylyp, 2010-njy ýylda suduň karary boýunça gaýtadan açylandygyna salgylanyp: "Ýapylsa-da, Türkiýe çykalga hökmünde täze ýollary tapar" diýýär.

Gözegçilik

Fewral aýynda YouTube ulgamynda ilkinji ýazgylar peýda bolup ugranynda, häkimiýet başyndaky "Adalat we Galkynyş" partiýasy döwletiň internetiň üstünden edýän kontrollygyny güýçlendirýän kanun kabul etdi. Bu kanun häkimiýetlere, suduň karary bolmazdan, websaýtlary ýapmaga ýol berýär.

Kanunyň kabul edilmegi Stambulda we Ankarada protestlere sebäp boldy.

30 ýaşly Ertan Sarygüliň aýtmagyna görä, YouTube we Facebook ulgamynyň gadagan edilmegi öten ýyl on müňlerçe adamyň "Taksim" meýdanynda ýygnanyp, geçiren demonstrasiýalaryndan has uly tolgunyşyklara getirer.

Ol: "Bu öňküden has uly bolar. Bular ýaly habarlary biz diňe sosial ulgamlardan alyp bilýäris" diýýär.

Erdoganyň ýarany prezident Abdullah Gül ineternet baradaky kanuna gol çekdi. Ýöne ol Facebook we YouTube ulgamlaryny gadagan edýän kanuna gol goýmajakdygyny aýdýar. Gül 7-nji martda žurnalistlere şeýle diýdi: "YouTube we Facebook ýaly platformalar bütindünýä platformalary. Olary ýapmak barada asla gürrüň hem bolup bilmez. Bir adamyň şahsy hukuklary bozulan halatynda häkimiýetler bular ýaly saýtlardaky [aýratyn] materiallary böwetläp bilýärler".

XS
SM
MD
LG