Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ dissidentiň ölümi sebäpli alada bildirýär


Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti tanymal hytaý dissidenti Kao Şunliniň ölümi baradaky habarlardan örän biynjalyk bolandygyny aýtdy.

Şunli sentýabr aýynda tussag edilipdi. Döwlet deparametiniň sözçüsi Jen Psaki şenbe güni Kaonyň Pekindäki hassahanada ýogalandygy baradaky habar Waşingtonda alada döretdi we Birleşen Ştatlaryň hökümeti Kaonyň maşgalasyna öz gynanjyny bildirýär diýdi.

Kao iýunda Daşary işler ministrliginiň öňünde beýleki aktiwistler bilen bilelikde iki aýlyk oturma protestini gurnandygy üçin tussag edilipdi.

Hytaý häkimiýetleri sentýabrda onuň adam hukuklary boýunça tälim programmasyna gatnaşmagynyň öňüni alypdylar.

Hukuk toparlary onuň anna güni, ilki polisiýanyň tussaghanasynda medisina kömegi berilmän, agyr hassa bolup ölendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG