Sepleriň elýeterliligi

Belarus: Aktiwistler, žurnalistler tussag edildi


Belarusyň polisiýasy sekiz aktiwisti, şol sanda oppozision “Birleşen raýat partiýasynyň” lideri Anatoliý Lebedkony we iki žurnalisti tussag etdi.
Gürrüňi edilýän aktiwistler öňümizdäki hepde geçiriljek ýerli saýlawlaryň öň ýanynda saýlaw kampaniýalaryny geçirýän mahaly Minskiň merkezi Kamarouka bazarynda ýekşenbe güni tussag edildiler. Şonda aktiwistler syýasy tussaglaryň suratlary ýerleşdirilen maýkalary geýipdirler.
Lebedko we başga-da dört aktiwist tussaglykda saklanyp, galanlary azatlyga goýberildi. Tussaglykdaky aktiwistleriň duşenbe güni sud edilmegine garaşylýar.
Aktiwistlere takyk haýsy aýyplamalaryň ýöňkelendigi barada maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG