Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Günbatar memorandumy bozdy


Russiýa 1994-nji ýylda ylalaşylan howpsuzlyk şertnamasyna laýyklykda Günbatar ýurtlaryny Ukrainanyň özygtyýarlylygyny hormatlamak barada beren sözüni bozmakda aýyplaýar.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň websahypasynda çarşenbe güni çap edilen maglumatda Kiýewde “hökümet agdaryşygyna hemaýat” bermek bilen Günbatar ýurtlary Budapeşt memorandumyny bozdy diýilýär.
Gürrüňi edilýän ylalaşyga laýyklykda, Sowet Soýuzynyň dargamagynyň yz ýany Ukrainanyň öz ýadro arsenalyndan ýüz öwürmegi dogrusynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Britaniýa we Russiýa Kiýewiň özygtyýarlygyny kepillendiripdi.
Russiýa sişenbe güni Ukrainanyň Krym sebitini aneksiýa edipdi. Munuň özi hem Budapeşt memorandumynyň bozulmagy diýlip häsiýetlendirilip, Günbatar ýurtlary tarapyndan bu hereket “territoriýany basyp almak” diýip atlandyryldy.
XS
SM
MD
LG