Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG, Orsýetiň ‘täsir meýdany’ öz bähbidini araýar


Ekran BMG-niň Baş Assambleýasyndaky ses berişligi görkerzýär, Nýu- Ýork, 27-nji mart, 2014 ý.
Ekran BMG-niň Baş Assambleýasyndaky ses berişligi görkerzýär, Nýu- Ýork, 27-nji mart, 2014 ý.
Kremliň öz käbir goňşularynyň BMG-de Orsýetiň Krymy anneksiýa etmegini ýazgarmak boýunça geçirilen ses berişlik mahalynda nirede bolandygyna geň galýan bolmagy mümkin.

Bu rezolýusiýa garşy ses beren 11 döwlet Orsýetiň öňden gelýän ýaranlary diýlip bilinýär.

Bu sanawa Wenezuela ýaly, Waşingtona duşmançylykly garaýan Günorta Amerika döwletleri hem girýär. Şeýle-de oňa Siriýa girýär, bu ýurt BMG-niň Howpsuzlyk geňeşindäki ses berişlikde Moskwanyň Başar al-Assadyň režimine penakärlik etmegine bil baglaýar.

Emma muňa garamazdan, Orsýeti lapykeç edip biljek bir zat hem boldy, ýagny Moskwanyň goldawyndaky GDA-nyň, Garaşsyz döwletleriň arkalaşygynyň diňe iki agzasy, Ermenistan bilen Belarus BMG-niň rezolýusiýasyna garşy ses berdi.

Azerbaýjan bilen Moldowa Ukrainanyň territorial bitewiligini ykrar etmegiň peýdasyna ses berdi. GDA-nyň beýleki agzalary bolsa, ýa saklandylar, ýa-da ses bermediler.

Orsýet özüniň Ukrainadaky hereketlerine garşylygy dünýä derejesindäki konsensus däl-de, Günbatar fenomeni edip görkezjek bolup jan çekdi.

Emma ozalky sowet respublikalary hem Orsýetiň Kryma güýç bilen girmegini delillendirişinden alada galýarlar. Moskwa bu hereketiniň rus dilli ilaty goramak babatdaky jogapkärçiligine esaslanýandygyny aýdypdy.

"Bu şol ýurtlar üçin dilemma, ikiden birini saýlamaly zat bolup görünýär we men olaryň Orsýetiň basyşyna sezewar bolýandygyna ynanýaryn» diýip, Moskwadaky Karnegi merkeziniň analitigi Maşa Lipman aýdýar.

Bir tarapdan, Gazagystan, Belarus ýaly, Moskwanyň goldawyndaky Gümrük birleşigine agza bolan ýurtlar öz daşary syýasatlaryny Orsýet bilen ýakyn gatnaşyklara esaslandyrdy.

"Ikinji tarapdan, watandaşlar ýa rus dilliler, ýa-da etniki ruslar gürrüňi başlanan badyna [ol] Orsýetiň olary goramak pikirini etmegi üçin [ulanylýar]” diýip, Lipman aýdýar. "Meniň pikirimçe, bu ol döwletleri pikirlenmäge we hakykatdanam ynjalykdan gaçmaga iterýän bolmaly."

Gazagystan, Gyrgyzystan, Belarus we Ermenistan geçen aýdaky beýanatlarynda Orsýetiň Krymyň «öz ykbalyny özüniň kesgitlemegi» baradaky aýdýanlaryna belli bir derejede goldaw we razylyk berdi.

Emma muňa garamazdan, Lipmanyň «örän aýratyn ýagdaý» diýip atlandyrýanyny, ýagny duşmançylykly goňşusyndan gorag üçin Orsýete daýanýan Ermenistany hasap etmesek, olaryň pozisiýalary bu goldawyň berkligine käbir kesgitsizlikleri hem saldy.

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko anneksiýany «ýarmaz mysal» diýip atlandyrdy, emma muňa garamazdan, Minsk öz iň ýakyn ýaranynyň ýanynda durar.

BMG-niň ses berişliginde ses bermedik Gyrgyzystan ilki Kiýewdäki häkimiýetleri goldap, Moskwanyň ýolundan sowuldy, emma soň Krymyň anneksiýa edilmegini «obýektiw reallyk» diýip atlandyrdy.

Orsýetiň goňşularynyň köpüsi öz bähbitleriniň goragyny ses bermezlik ýa-da saklanmak strategiýasynda görýäne çalym edýär.

Orsýetiň hereketlerini tankyt eden Özbegistan saklandy. Täjigistan we Türkmenistan – jemgyýetçilik pozisiýasyny görkezmekden saklanan iki ýurt, ses berişlikde görünmedi.

Diplomatlar biraz öň BMG-niň rezolýusiýasynyň peýdasyna ses berjekleriň 100-den azrak boljagyny çaklapdylar, Kiýewiň Günbatar ýaranlary bu ses berişligi diplomatiki ýeňiş diýip häsiýetlendirdiler.

Emma Moskwa ses bermedikleriň we saklananlaryň sanynyň hakykatda çylşyrymly bir ýagdaýy görkezýändigini öňe sürdi.

Orsýetiň BMG-däki wekili Witaliý Çurkin BMG-niň agza döwletleri «ägirt uly basyş» astynda boldular we saklanan 58 döwlet Orsýetiň tarapynda bolana çalym edýär diýdi.
XS
SM
MD
LG