Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet "serhetden aşmaz"


Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Orsýetiň öz ýaragly güýçlerine ukrain serhedinden geçmegi buýurmak niýeti ýok diýdi.

Lawrow şenbe güni Orsýetiň döwlet telewideniýesine beren interwýusynda Moskwanyň we Günbataryň arasynda Ukrain krizisi babatda dörän agzalalyk «gitdigiçe kemelýär», soňky gatnaşyklar «biziň ukrain kärdeşlerimize bilelikde bir inisiatiwanyň hödürlenmek ähtimallygyny» görkezdi diýdi.

Bu sözler prezident Obamanyň Putin bilen eden gürrüňinden soň aýdyldy. Ak tamyň çap eden beýanatynda Putiniň Obama anna güni, prezident daşary ýurtda saparda ýören wagty telefon edendigi aýdylýar.

Bir sagada çeken gürrüňiň dowamynda Obama Orsýeti öz goşunlaryny Ukraina bilen serhetden yzyna çekmäge hem-de Waşingtonyň Ukrain krizisi babatda hödürlän diplomatiki teklibine ýazmaça jogap bermäge çagyrdy.

Bu teklip Ukraina we beýleki ýewropa partnýorlary bilen edilen maslahatlardan soň işlenip düzülipdi. Aýdylmagyna görä, onda Krymdaky rus dilli ilatyň hukuklaryny goramak üçin halkara gözegçilerini ýerleşdirmek we rus goşunlaryny öz bazalaryna yzyna dolamak meselesi goýulýar.

Obama bilen Putin döwlet sekretary Jon Kerriniň Lawrow bilen duşuşyp, edilmeli işler barada maslahatlaşmagyny karar etdiler.
XS
SM
MD
LG