Sepleriň elýeterliligi

​Muşarraf dönüklikde aýyplanýar


Pakistanyň öňki harby dolandyryjysy Perwez Muşarrafa ýurda dönüklik etmekde resmi taýdan aýyplama bildirildi.

Muşarraf duşenbe güni Yslamabadyň sudunda özüne garşy ýöňkelen bäş aýyplamanyň hiç birinde “günäli däldigini” aýtdy.

Pakistanyň üç agzadan ybarat sudy Muşarraf sud diňlenişigine gatnaşmasa, ony tussag etmek barada buýruk çykarypdy.

Dekabr aýynda Muşarrafyň sud diňlenişigi başlany bäri, ol bu sud diňlenişiklerine birnäçe gezek gatnaşmandy. Şondan soň sud gürrüňi edilýän buýrugy çykarypdy.
XS
SM
MD
LG