Sepleriň elýeterliligi

Kerri: Energiýa ýarag bolmaly däl


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Jon Kerri Ukraina satýan tebigy gazynyň bahasyny ýokarlandyrany üçin Russiýany tankyt etdi. Kerri tebigy energiýanyň syýasy ýarag hökmünde ulanylmaly däldigini sözüne goşdy.

Çarşenbe güni Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Ketrin Eşton we Energiýa boýunça Ýewropa komissiýasy Gýunter Ettinger bilen geçiren maslahatynda Kerri energiýanyň maksadalaýyk üpjünçiligi Birleşen Ştatlardaky we Ýewropadaky ilatyň ykdysadyýeti, howpsuzlygy we gülläp ösmegi üçin “wajyp” hasaplanylýar diýdi.

Kerri Ukrainadaky ýagdaýa ünsi çekip, Kiýewi Polşanyň we Wengriýanyň tebigy gazy bilen üpjün etmek we Slowakiýanyň üsti bilen täze gazgeçirijini gurmak ugrunda işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Şeýle-de, Kerri Ýewropany Azerbaýjanyň tebigy gazy bilen üpjün etmekde “Günorta koridoryň” rol oýnajakdygyny belledi.
XS
SM
MD
LG