Sepleriň elýeterliligi

​ABŞ: Esger üç adamy öldürdi


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Tehas harby bazasynda bir esger üç adamy öldürip, soňrada öz janyna kast etdi.

Fort Hoodyň resmisi leýtenant general Mark Milleý çarşenbe güni žurnalistlere beren maglumatynda gürrüňi edilýän wakada başga-da 16 adamyň ýaralanandygyny aýtdy. Milleý bu wakanyň terrorizm bilen ilteşiginiň bardygyny görkezýän alamatlara duş gelinmändigini sözüne goşdy.

Yrakda gulluk eden hüjümçi esger post-trawmatik stres näsazlyklary boýunça saglyk anyklaýyş çärelerinden geçýärdi.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama hüjüme özüniň “gynandygyny” we bu wakanyň doly derňeljekdigini aýtdy.

Tehas harby bazasynda 2009-njy ýylda hem ok atyşyk bolupdy. Şol wakada 13 esger ölüp, başga-da 32 sanysy ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG