Sepleriň elýeterliligi

​Owganystan: Nemes žurnalisti öldürildi


Owganystanyň Milli polisiýasy tarapyndan germaniýaly suratçy Anja Nidringaus öldürildi we onuň kanadaly kärdeşi Keýti Gannon agyr ýaralandy.

Gürrüňi edilýän bu waka Owganystanda 5-nji aprelde geçiriljek prezidentlik saýlawlaryndan bir gün öň ýurduň Tanaý etrabynda boldy. “Talyban” söweşijileri bombaly hüjümler we adam öldürmeleri arkaly prezidentlik saýlawlaryny bulaşdyrmaga wada beripdi.

“Associated Press” habar gullugy üçin işleýän iki žurnalist anna güni irden wakanyň bolan pursaty Owganystanyň Pakistan bilen serhetleşýän ýerindäki kiçi obada eken.

Nidringaus 2005-nji ýylda “Pulitzer-Prize” baýragyna mynasyp bolan “Associated Press” gullugynyň 11 suratçysynyň arasyndaky ýeke täk zenan suratçydyr.

Geçen aý Kabulda “Talyban” hereketine degişli ýaragly adam tarapyndan belli owgan žurnalisti we başga-da sekiz adam atylyp öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG