Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Ukraina: Prezident aktiwistlere amnistiýa teklip etdi


Ukrainanyň häzir iş başyndaky wagtlaýyn prezidenti Oleksandr Turçinow Ukrainanyň gündogaryndaky hökümet jaýyny gabawda saklaýan Russiýa tarapdary protestçiler ýaraglaryny tabşyryp, gabawlaryny bes etseler, olaryň jezalandyrylmajagyny aýtdy.

Turçinow 10-njy aprelde ýurduň kanunçykaryjylaryna ýüzlenip, “Men muny prezidentiň karary görnüşinde düzgünleşdirmäge taýýar” diýdi.

Russiýa tarapdary aktiwistler 6-njy aprelden bäri ýurduň gündogaryndaky Lugansk we Donetsk şäherlerindäki hökümet binalaryny gabawda saklaýarlar.

9-njy aprelde Ukrainanyň içeri işler ministri Arsen Awakow bu problemany çözmegiň iki usulynyň bardygyny aýdyp, meseläniň ýa gepleşikleri geçirmek ýa-da harby güýçleri ulanmak arkaly çözülip bilinjekdigini we “konfliktiň bolmagyny isleýän separatistleriň azlygyna bolsa Ukrain dolandyryjylary tarapyndan güýç bilen jogap beriljegini” belläpdi.
XS
SM
MD
LG