Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Ukraina: Partlamada ýedi adam öldi


Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk şäheriniň golaýyndaky kömür käninde bolan partlamada ýedi adam öldi. Bu wakanyň tebigy gazyň syzmagy netijesinde 11-nji aprelde Skoçinskiý käninde ýüze çykandygy habar berilýär.

Ýerli resmileriň berýän maglumatyna görä, wakanyň bolan pursaty 1 müň 300 metr çuňlukdaky kände 53 magdançynyň işleýändigi aýdylýar. Gürrüňi edilýän wakada ýaralanan sekiz magdançy keselhana ýerleşdirildi. Olaryň dördüsiniň saglyk ýagdaýy agyr.

Bu wakada pida bolanlaryň hatyrasyna Ukrainanyň häzirki iş başyndaky wagtlaýyn prezidenti Oleksandr Turçinow ukrain parlamentinde 1 minutlyk dymyşlyk geçirdi.

Ukrainanyň energiýa ministri Ýuriý Prodan gürrüňi edilýän territoriýada howpsuzlyk düzgünleriniň bozulandygyny we waka barada baş prokuraturanyň resmi derňewleri başladandygyny ýurduň parlamentine habar berdi.
XS
SM
MD
LG