Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Aşgabat: Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji aprelda Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada türkmen metbugatynda habar berilýär.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurduň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek, döwlet edara-kärhanalaryny, olaryň düzüm birliklerini hem-de esasy serişdelerini başga bir edara-kärhana bermegiň tertibini tassyklamak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisde Türkmenistanyň milli emeli hemra ulgamyny döretmek, döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagyny düzgünleşdirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hem gürüň edildi, diýlip türkmen döwlet habar gullugynda bellenilýär.
XS
SM
MD
LG