Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetparazmy ýa hakyna tutulan?


Andreý Petkow
Andreý Petkow
Orsýetiň döwlet telewideniýesi uýatly bir ýagdaýda tutuldy, onuň “hakyna tutulan daşary ýurtly” we “orsýetparaz patriot” diýip geçiren iki sany söhbetdeşliginde şol bir adam görkezildi.

Andreý Pethow bilen tanşyň, ýok gowusy onuň adyny Petkow diýip tutuň.

Ol 20 ýyl çemesi mundan ozal Germaniýa emigrasiýa gidipdi, emma orsýetparaz protestçilere garşy çykyşlara gatnaşmak üçin ýakynda Ukrainanyň Mykolaiw şäherine bardy. Ýok, duruň! 40 ýaşly ýerli orsýetparaz aktiwist Kiýewiň “radikal” hökümetine parahatçylykly protest bildirmek üçin, hemişekisi ýaly, Mykolaiw şäheriniň merkezi meýdançasyna bardy.

Bu adamyň kimdigi we onuň adynyň Pethowmy ýa-da Petkowdygy siziň Orsýetiň döwlet kanallary bolan “NTW” ýa-da “Rossiýa 1” telekanallaryndan haýsysyny saýlap aljagyňyza bagly.

“NTW” telekanaly ony Ukrainada bulam-bujarlygy döretmek üçin Germaniýadan 500 müň ýewro getirilen adam edip görkezdi. Bu maglumatda Pethow-Petkowyň, aşa milletçi “Sagçy sektorynyň” agzalarynyň orsýetparaz protestçilere eden hüjümi zerarly, tötänden zeper ýetip, indi hem burny we aýagy döwlüp, keselhanada ýatandygy aýdylýar.
NTW: Germaniýaly hakyna tutulan adam Ukraina 500000 ýewro getirdi.
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:07 0:00

“Onuň keselhanadaky otagy berk goragyň astynda saklanýar. Biziň habarçylarymyza onuň bilen seýrek söhbetdeşlik geçirmek başartdy” diýip, “NTW” habar berýär.

Bulaşykly söhbetdeşlikde Pethow-Petkow özüniň lukmandygyny, özünde dört sany pasportyň bardygyny aýdýär. Onuň sözlerine görä, ol 7-nji aprelde Kiýewiň syýasatyna garşy çykyş edýänleriň lagerinde eline zeper ýeten bir aýala kömek beripdir. Şol bir wagtyň özünde-de serhoş radikallar parahat protestçileriň üstüne eli dürreli, sesli granataly we ok atýan ýaragly hüjüm edipdirler.

“Bäş minudyň içinde meniň durmuşym üýtgedi” diýip, Pethow gürrüň berýär. Ol “Men şäheriňizde bir gije-gündiz boldum, şol günüň soňunda-da meni tas öldüripdiler” diýip, hamana, öz düşen ýagdaýyny beýan edýär. Pethow öz beýnisiniň çaýkanandygyny we öz gurmasynyň adyny hatda agzamak hem islemeýändigini aýdýar.

Ýöne ol orsýetparaz aktiwistlere garşy göreşmek üçin iberilendigini bir gezegem ýaňzytmaýar. Muňa garamazdan, “NTW” bu adamyň hekaýatyny şeýle beýan edýär: “Germaniýaly hakynatutma adam “Sagçy sektor” üçin Ukraina 500 müň ýewro pul getirdi”. Ine, bu maglumaty “NTW”-niň websaýtynda görmek we okamak mümkin.

Emma “Rossiýa 1” şol bir adamyň hekaýatyna başgaça gözden garaýar. Bu telekanalyň reportažynda ýerli ýaşaýjy Petkow şol bir keselhanada ýatan bolmaly, emma bu telekanalyň wideony görkezýän kamerasy krowadyň arkasynda daňlyp goýlan orsýetparaz protestçileriň simwoly bolan Mukaddes Georgiý lentasyny görkezýär.

“40 ýaşly Andreý Petkow ýene ýarym ýyllap ýöräp bilmez” diýip, “Rossiýa 1” telekanalynyň korrespondenti gürrüň berýär we şeýle dowam etdirýär: “7-nji aprelde Andreý hemişekisi ýaly täze häkimiýetiň hereketlerinden özüniň nägiledigini bildirmek üçin merkezi meýdança bardy. Emma parahatçylykly protestiň üstüne birden radikallar dökülip, hakyky gyrgynçylygy amala aşyrdylar”.
"Rossia 1": "Sagçy sektoryň" hüjüminiň pidasy gürrüň berýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:36 0:00

Bu reportažda Petkow diňe gysga wagtlyk görkezilýär. Indi ol ýaragly söweşijiniň özüni tas öldürendigini aýdýar.

“Men ýerde ýatyrkam ol pistoletyny kelläme diräp, “Men seni öldürerin!” diýýär, men oňa “At!” diýýän. Ine şu wagt gyzlar ýetip geldi we ony urup ýykdy. Olam gaçyp gitdi”, diýip Petkow gürrüň berýär.

Bu ýerde reportažda Petkowyň şahsyýetinden sowulyp, ukrain häkimiýetleriniň hamala awtobuslara ýükläp radikallary getirendigi we olaryň parahat ýaşaýjylaryň üstüne küşgürendigi barada gürrüň berilýär. Protestçiler “Rossiýa 1” telekanalynyň habarçysyna özlerine garşy atylan oklaryň peşeňlerini görkezýär.

Pethow ýa Petkow hakykatda kimkä? Muňa belli bir jogap tapmak kyn. Bu barada Orsýetiň esasy üç telekanallaryň ýene biri “1-nji telekanal” näme habar bererkä?!
XS
SM
MD
LG