Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​ABŞ: Bir adam ölüm jezasyna höküm edildi


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Tehas ştatynda 13 ýyl mundan ozal öňki halaşýan gyzyny, onuň kiçi ogluny we ejesini pyçaklap öldüreni üçin bir adam ölüm jezasyna höküm edildi.

39 ýaşyndaky Hose Willegas zäherli sanjym arkaly jezalandyrylyp öldürildi.
Willegas soňky beýanatynda şeýle diýdi: “Men öz çagalaryma ýene bir sapar olary söýýändigimi ýatladasym gelýär. Hemme zat oňat. Men ähliňizi söýýärin we men çagalarymy söýýärin. Men rahat”.

Ol 2014-nji ýylyň dowamynda Tehas ştatynda ölüm jezasyna höküm edilen ýedinji we tutuş Birleşen Ştatlarynda 17-nji adamdyr.

Birleşen Ştatlar we Ýaponiýa ölüm jezasyny amala aşyrýan ösen demokratiýaly ýeke täk ýurtlardyr.
XS
SM
MD
LG