Sepleriň elýeterliligi

​Yrak: Hüjümde 12 esger öldi


Yragyň resmileri ýurduň demirgazygyndaky Mosul şäheriniň çetindäki harby baza edilen hüjümde azyndan 12 esgeriň ölendigini we 10-dan gowragynyň ýaralanandygyny habar berýärler.

“The Associated Press” habar gullugynyň Yragyň armiýasyna we polisiýasyna salgylanyp berýän maglumatyna görä, 17-nji aprelde bolan hüjüm janyndan geçen hüjümçiniň partladyjy serişdeler ýerleşdirilen ýük ulagy partladan mahaly başlapdyr.

Soňra ýaragly adamlaryň ot açmagy gürrüňi edilýän territoriýada ok atyşygyň döremegine sebäp bolupdyr. Şeýle-de “AP” habar gullugynyň maglumatynda sekiz söweşijiniň ölendigi habar berilýär.

Soňky aýlarda Mosulda ençeme hüjümler boldy. “Al-Kaýda” ilteşikli sünni söweşijiler bu hüjümleri amala aşyrmakda aýyplanýarlar.
XS
SM
MD
LG