Sepleriň elýeterliligi

​Putin “Ýeňiş gününde” çykyş etdi


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Moskwanyň Gyzyl meýdançasynda geçirilen “Ýeňiş güni” dabarasynda rus halkynyň güýçli erki we gaýduwsyzlygy Ýewropany gulçulykdan halas etdi diýdi.

Putin II jahan urşunyň tamamlanmagy mynasybetli şu ýyl 69 ýyllygy bellenilýän “Ýeňiş gününiň” Russiýanyň iň beýik baýramçylygydygyny aýtdy. Ol muny watançylygyň, gam-gussanyň we buýsanjyň çeşmesi diýip atlandyrdy.

Bu dabaranyň çäginde ýurduň harby güýçleri görkezildi. Gyzyl meýdançasynda geçirilen harby parada 11 müň çemesi esger gatnaşdy. Olar bilen birlikde takmynan 150 sany harby tehnika, şol sanda onlarça tank we 69 çemesi uçar we dikuçar bar.

Mundan öň, rus metbugaty Putiniň Russiýanyň Gara deňizdäki harby flotunyň ýerleşýän ýeri Sewastopoldaky “Ýeňiş güni” dabaralaryna gatnaşjakdygyny habar beripdi.
XS
SM
MD
LG