Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Donetskde polisiýa ofiserleri tutuldy


100-den gowrak ýaragly adamdan ybarat topar Ukrainanyň Donetsk şäherinde bir sanatoriýanyň daşyny gabap, 120 çemesi ukrain polisiýa ofiserini ýesir aldy.

9-njy maýdaky habarlara görä, «Donetsk halk respublikasy» diýilýäniň ýaragly adamlary, orsýetçi separatistler Içeri işler ministrliginiň 120 çemesi ofiseriniň kazarma hökmünde ulanýan sanatoriýasynyň daşyny gabadylar.

Habarlarda atyşyk bolandygy we sanatoriýanyň käbir bölekleriniň ot alandygy aýdylýar. Birnäçe minutdan Içeri işler ministrliginiň goşunlary tabyn bolmaga razy boldular.

Olar ýaraglaryny tabşyransoň, awtobuslara ýüklenip, bu ýerden alnyp gidildi.

Ukrainanyň UNIAN habar gullugy ýaragly adamlaryň bu ýere «Kamaz» ýük maşynlaryna münüp gelendiklerini aýtdy.
XS
SM
MD
LG