Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Azerbaýjany ýazgarýar


Düýbi Birleşen Ştatlaryň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän “Human Rights Watch” (HRW) guramasy Azerbaýjanyň resmilerini özüniň Ýewropa Geňeşine agza borçnamalaryny ýerine ýetirip bilmezlikde ýazgardy.

Azerbaýjan 14-nji maýdan başlap belli bir möhlet aralygynda Ýewropa Geňeşiniň Ministrler Komitetiniň ýolbaşçylyk wezipesini öz üstüne alýar.

14-nji maýda çap edilen beýanatda adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” guramasynyň Günorta Kawkaz boýunça derňewçisi Georgiý Gogiýa (Giorgi Gogia) Ýewropa Geňeşine “adalatsyz tussag edilen hökümet tankytçylaryň boşadylmagy we giň göwrümli hukuk reformalaryň amala aşyrylmagy üçin” Azerbaýjana basyş etmäge çagyrdy.

Beýanatda berilýän maglumatda soňky iki ýylyň dowamynda azeri resmileri azyndan 38 syýasy aktiwiste, žurnaliste, bloggere we adam hukuklaryny goraýana garşy esassyz jenaýatlary gozgandygy ýa-da haýbat atandygy bellenilýär. Gürrüňi edilýän aktiwistleriň aglabasy häzirki wagt türmelerde saklanylýar.
XS
SM
MD
LG