Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Azeri žurnalist höküm edildi


Azerbaýjanda oppozision žurnalist sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
15-nji maýda Agyr jenaýatlar boýunça Bakuwyň şäher sudy Parwiz Haşimlini bikanun ýarag saklamakda günäli tapdy.

“Moderator” atly habar websahypasynyň redaktory we oppozision “Bizim ýol”, ýagny “Biziň ýolumyz” atly gazetiň habarçysy Haşimli sentýabr aýynda tussag edilipdi. Şonda ýurduň polisiýasy Haşimliniň öýünde sapança we 30 el granadyny tapandygyny aýdypdy.

Haşimliniň tarapdarlary sud işiniň syýasy maksatlydygyny aýdýarlar.

Mundan öň, Haşimliniň aklawçysy öz müşderisiniň öýünde barlag-gözegçilik işlerini geçirmek üçin ýörite güwanamanyň hödürlemändigini aýdypdy.

Haşimli sud zalynda özüniň Milli howpsuzlyk ministrligindäki tussaghanada saklanan mahaly urlup-ýenjilendigini we özüne ýaramaz daralandygyny belledi. Onuň mälim eden bu aýyplamalary kazy tarapyndan kabul edilmedi.
XS
SM
MD
LG