Sepleriň elýeterliligi

Putin harbylara baza dolanmagy tabşyrdy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Ukraina bilen serhetdeş üç regionda harby türgenleşik geçirýän ýaragly güçlere öz bazalaryna dolanyp barmagy tabşyrdy.

Duşenbe güni ýaýradylan beýannamada Kreml Rostow, Belgorod we Brýansk regionlarynda “planlaşdyrylan bahar” türgenleşiklerine gatnaşan goşunlar öz ýerleşýän bazaryna dolanyp barmaly diýilýär. Emma Reuters agentligi NATO-nyň harby ofiserine salgylanyp, Orsýetiň agzalan regionlarynda ýerleşdirilen 40 000 harbyly goşunlarynyň arasynda hiç hili hereketiň göze ilmeýändigini habar berdi.

Şol bir wagtyň özünde-de, Kremliň metbugat-wekili Kiýewi Ukrainanyň günortasyndaky operasiýalary bes etmäge we regiondan goşun çykarmaga ündedi. Günbatar Orsýeti serhetde goşun ýerleşdirip, Ukrainanyň gündogaryndaky dartgynlylygy güýçlendirmekde aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG