Sepleriň elýeterliligi

Daşkent: Tussaglara çäklendirme girizildi


Özbegistanyň uly tussaghanalarynyň bendileri garyndaşlary bilen duşuşmak we yzyndan eltilýän zatlary almak mümkinçiliginden mahrum edildiler.

Dürli tussaghanalarda saklanýan tussaglaryň ençemesiniň garyndaşlarynyň 19-njy maýda AÝ/AR-na aýtmagyna görä, olar bir aýa golaý wagt bäri tussaglykdaky hossarlaryny görmekden mahrum bolupdyr. Käbirleriň aýtmagyna görä, olara tussaglar bilen duşuşmaga rugsat berilmezliginiň sebäbi duşuşyklar üçin ýörite otaglarda bejeriş işleriň geçirilmegi bilen düşündirilipdir.

Özbegistanyň tussaghanalara gözegçilik edýän Baş müdirliginiň resmileri ýagdaýy kommentirlemekden boýun gaçyrdylar.

Daşkentde ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy “Ezgulik” guramasynyň wekili Abdurahmon Taşanow bu ýagdaýyň Özbegistanyň hem milli, hem-de gol çeken halkara kanunlaryna ters gelýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG