Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ILO: Mejbury zähmet örän girdejili


BMG-niň Halkara zähmet guramasy (ILO) dünýäde mejbury zähmediň ýylda 150 milliard dollar bikanun girdeji getirýändigini aýdýar.

20-nji maýda çap bolan täze hasabata görä, bu san başda çak edilişinden üç esse köp bolupdyr. Halkara zähmet guramasy bikanun girdejiniň agzalan möçberiniň üçden iki böleginiň ýagny 99 milliard dolaryň aýal-gyzlary tenini satmaga mejbur etmek söwdasynyň hasabyna emele gelýändigi aýdylýar.

Bikanun girdejileriň agzalan sanynyň galan bölegi adamlary hojalyk işlerinde, gurluşyk we magdançylyk ýaly işlerde mejbury işletmegiň hasabyna emele gelýär.

Moldowada geçirilen baglar ýurduň daşynda zähmet çekip öz ýurduna dolanyp baran raýatlaryň 45% ujypsyz pula işländigini ýa-da asla pulsuz mugtyna zähmet çekendigini görkezdi. Şeýle işçileriň sany Ermenistanda we Gürjüstanda 20% bilen kesgitlenýär.

BMG adam gaçakçylygynyň halkara jenaýat biznesinde neşeden we ýaragdan soň üçünji ýerde durýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG