Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Gazprom “dyngysyz gepleşikleri” geçirdi


Russiýanyň “Gazprom” kärhanasynyň resmileri 400 milliard amerikan dollaryna barabar tebigy gaz ylalaşygy boýunça Hytaý bilen “dowamly gepleşikleri” geçirdiler. Bu gepleşikler Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Hytaýyň prezidenti Si Jiping (Xi Jinping) bilen ylalaşyga ýetmekde şowsuz bolmagynyň yz ýany geçirildi.

20-nji maýda Şanhaýda Si bilen geçiren ikiçäk gepleşiklerinden soň Putin gürrüňi edilýän ylalaşygyň “soňky tapgyrdadygyny” we gepleşikleriň dowam etjekdigini mälim edipdi.

Öňümizdäki 30 ýylyň dowamynda Russiýanyň tebigy gazyny Hytaýa akdyrjak ylalaşygyň üstünde Moskwa bilen Pekin 10 ýyldan gowrak wagt bäri işleýär. Ýöne tebigy gazyň nyrhy bilen baglanyşykly dörän närazylyklar sebäpli ylalaşygyň soňky tapgyry soňa goýuldy.

“Gazprom” kärhanasynyň resmileri 21-nji maýda Putiniň Hytaýa edýän sapary tamamlanmazdan öň, bu mesele boýunça öňe gidişligiň gazanylmagyny umyt edýändiklerini aýtdylar.
XS
SM
MD
LG