Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Baýden Russiýa duýduryş berdi


Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Jo Baýden (Joe Biden) Ukrainanyň prezidentlik saýlawlaryny bulaşdyrmazlygy üçin, Moskwa duýduryş berdi.

Buharestde Rumynýanyň prezidenti Traýan Basesku (Traian Basescu) bilen geçiren duşuşygynyň çäginde Baýden biz Moskwa garşy sanksiýalary girizmekde “kesgitli bolmalydyrys” diýdi. Şeýle-de, ol Ukrainada 25-nji maýda geçiriljek saýlawlar bulaşdyrylsa, Moskwa garşy has berk çäreleriň görülip bilinjekdigini aýtdy.

Şeýle-de, Baýden öňümizdäki ýyl Rumynýanyň Deweselu sebitinde raketa hüjüminden goranyş ulgamlary açmak üçin işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Basesku regionda Birleşen Ştatlaryň howa güýçlerini ýerleşdirmek bilen Ukrain krizisine Waşingtonyň gyssagly reaksiýa bildireni üçin Baýdene sag bolsun aýtdy.
XS
SM
MD
LG