Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Putin Timçenko uly rol berýär


Russiýaly işewür Gennadi Timçenko prezident Wladimir Putiniň ýurduň Hytaý bilen biznes gatnaşyklarynda özünden Moskwanyň esasy adamy bolmagyny sorandygyny aýtdy. Timçenko garşy Birleşen Ştatlary tarapyndan sanksiýalar girizilipdi.

Timçenko asly orsýetli milliarder bolup, ol dzýudo boýunça Putiniň öňki egindeşidir. Şu hepde Putin bilen Hytaýa sapar edenleriň arasynda Timçenko hem bardy. Ol öz baýlygyny “Gunwor Group” nebit-gaz kompaniýasynyň döredijileriniň biri hökmünde gazandy.

Sank-Peterburg şäherinde eden çykyşynda Timçenko iki ýurduň arasynda bilelikdäki ençeme proýektleri, şol sanda Kryma köpri we tunel gurmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Şeýle-de, ol Russiýa Birleşen Ştatlaryndan satyn alan ýokary tehnologiýa enjamlaryň deregine Hytaýdan alýan tehnologiýa harytlarynyň sanyny artdyrmagy planlaşdyrýar diýdi.
XS
SM
MD
LG