Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kannesde türk kinosy utdy


Türk kinorežissýory Nury Belge Jeýlan (Nuri Bilge Ceylan) 2014-nji ýylyň Kannes kino festiwalynda “Gyş ukusy” atly filmi bilen ýokary baýraga – “Palme D'Or” sylagyna mynasyp boldy.

Jeýlanyň kinosy kino älemindäki iň abraýly baýrak üçin bäsleşen 18 filmiň biridi.

Bu 1982-nji ýyldan bäri arzyly baýragy utan ilkinji türk filmidir.

Üç sagatdan hem uzaga çekýän maşgala dramasy uly rus ýazyjysy Anton Çehowyň üç hekaýasyna esaslanýar. “Gyş ukusy” Jeýlanyň ýedinji kino eseridir.

Onuň ozalky filmleriniň hem üçüsi Kannes festiwalynyň esasy baýraklaryna mynasyp bolupdy.
XS
SM
MD
LG