Sepleriň elýeterliligi

​Siriýa: Assad gaýtadan prezident saýlandy


Başar al-Assad gaýtadan Siriýanyň prezidenti wezipesine saýlandy. Ýurduň parlament spikeriniň 4-nji iýunda beren maglumatyna görä, Assad saýlawlarda sesleriň 89%-ni alypdyr.

Maglumatlarda saýlawlarda ses bermäge ilatyň 73%-den gowragynyň gatnaşandygy aýdylýar. Siriýada prezidentlik saýlawlary Assadyň häkimiýetine wepaly güýçleriň kontrollygyndaky territoriýalarda geçirildi.

Siriýanyň oppozisiýasy ýurtda raýat urşy dowam edýän mahaly, prezidentlik saýlawlarynyň geçirilmegini toslama diýip ret etdi.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri (John Kerry) Liwana edýän saparynyň çäginde Siriýada geçirilen saýlawlaryň ýurtda hiç zady üýtgetmändigini aýtdy.

Kerri “[Siriýada] konflikt, terrorçylyk we heläkçilikler öňküsi ýaly dowam edýär” diýdi.
XS
SM
MD
LG