Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Sinjiang: 81 adam tussag edildi


Hytaýyň resmileri terrorçylyk bilen ilteşikli aýyplamalarda 81 adamy tussag etdiler. Gürrüňi edilýän tussaglaryň dokuz sanysy ölüm jezasyna höküm edildi. Tussaglaryň galanlary bolsa, ömürlik türme jezasyna ýa-da gysga möhletleýin tussaglyga höküm edildiler.

Hytaýyň döwlet telewideniýesiniň berýän maglumatyna görä, tussaglar baradaky hökümler 5-nji iýunda ýurduň demirgazyk-günbataryndaky durnuksyz Sinjiang (Xinjiang) regionynyň sudy tarapyndan çykarylypdyr.

Maglumatlarda, ýurduň ýolbaşçylaryny[ Sinjiangda terrorçylyga garşy göreş diýen çäreleriniň çäginde, başga-da 29 şübheliniň tussag edilendigi aýdylýar.

Ýakynda Sinjiangda amala aşyrylan güýçli hüjümleriň yz ýany, sebitde ýüzlerçe adam tussag edilip, olaryň onlarçasy agyr türme jezalaryna höküm edildi.

Geçen aý gürrüňi edilýän sebitiň paýtagty Urumçide amala aşyrylan şol ýowuz hüjümde takmynan 40 adam heläk bolupdy. Resmiler şol hüjümi amala aşyrmakda Sinjiangyň türki dilli uýgur ilatynyň arasyndaky ekstremistleri aýyplapdylar.
XS
SM
MD
LG