Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: 480 müň adam gaçdy


Yragyň howpsuzlyk güýçleri Ramadide uniwersitet şäherçesinde zamun alnan studentleri we işgärleri azat etmek üçin hüjüme başlady.

Žurnalistler bu ýerde agyr söweşiň barýandygyny habar berýärler. Bu çäre 7-nji iýunda, Yrak yslam döwletiniň we Lewantyň ýaragly adamlary irden goragçylary öldürip, köprini partladyp, uniwersitete girenlerinden soň görülýär.

Müň çemesi student gaçyp gutulmagy başardy, emma bir topar studentiň hüjümçiler tarapyndan ýesir alnandygy aýdylýar.

Bu toparlaryň ýaragly adamlary dekabrdan bäri Ramadiniň köp bölegine kontrolluk edýär.

BMG-niň Bosgunlar edarasy Yragyň Anwar welaýatyndaky söweşler zerarly öýünden gaçan adamlaryň sanynyň indi 480 müňe golaýlandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG