Sepleriň elýeterliligi

BMG kast edişi ýazgarýar


BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Owganystanyň prezidentlige kandidaty Abdylla Abdyllanyň janyna kast etmek synanyşygyny ýazgaryp, täze hökümete düzgün boýunça geçilmegine çagyrdy.

Abdylla 6-njy iýunda Kabulda öz kampaniýa konwoýyny nyşana alan iki partlamadan aman gutuldy.

Bu partlamalarda azyndan on adam, şol sanda onuň ýakyn töwereginden üç kişi wepat boldy. Owganystanda ikinji tapgyr prezident saýlawlary 14-nji iýunda geçirilmeli.

Abdylla bu hüjümden soň, öz bronly ulagynyň öň tarapyna uly zyýan ýetiren partlamanyň adamlaryň arasynda gorky döredip, olaryň öz ykbalyny kesgitlemeginiň öňüni almaga gönükdirilendigini aýtdy.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň beýanatynda hiç bir terrorçynyň owgan ýolbaşçylygynda ýurtda parahatçylyk, demokratiýa we durnuklylyk gazanmak üçin düşülen ýodadan yza dönderip bilmejegi, bu ugruň owgan halky we hökümeti, şeýle-de halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG