Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagdatda 60 adam öldürildi


Yrak resmileri 7-nji iýunda Bagdadyň esasan şaýy etraplarynda bolan parlamalarda 60-dan gowrak adamyň ölendigini aýdýarlar.

Käbir jeňçiler 8-nji iýun güni irden Ramadide Anbar uniwersitetine zabt etdiler.

Aýdylmagyna görä, olar studentlere we mugallymlara çykmaga şert döredip, howpsuzlyk güýçleri bilen atyşygy dowam etdirdiler.

Pitneçiler 5-nji iýundan bäri Anbar welaýatynyň iki esasy şäheriniň, Ramadiniň we Fallujanyň goşmaça böleklerini ele geçirdiler.

Olar bu ýere ýanwar aýyndan bäri bölekleýin kontrolluk edýärler.

Pitneçiler 5-nji iýunda Salahuddin welaýatyndaky Samarra şäherine hem girdiler we ol ýerdäki uniwersteti, iki metjidi ele geçirdiler.

Ýöne olar bu ýerden howa zarbalary sebäpli çekilmeli boldular.

Yragyň howpsuzlyk güýçleri 6-njy iýunda Mosulda hem jeňçiler bilen çaknyşdy we ol ýerde azyndan 60 adam öldi.
XS
SM
MD
LG