Sepleriň elýeterliligi

​Sibir: 1 müň adam başga ýere göçürildi


Russiýanyň güýçli sil joşguny bolan Sibir regionyndaky Altaý sebitinden 1 müňden gowrak ýerli ýaşaýjy başga ýere göçürildi.

Regional resmileriň berýän maglumatyna görä, sebitiň bäş etrabynda takmynan 1 müň 400 ýaşaýyş jaýynyň we 1 müň 900 çemesi hojalyk mellek ýerleriniň sil suwunyň aşagynda galandygy aýdylýar.

9-njy iýunda sebitiň käbir territoriýalarynda suwuň derejesi pese gaçyp başlapdyr.

Muňa garamazdan, Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň metbugat wekili Aleksandr Drobyşenkonyň 9-njy iýunda beren maglumatyna görä, sil joşgunynyň bolmak howpy sebitiň paýtagty Barnaulde öňküligine galýar.

Regional ýolbaşçylary sil joşguny zerarly 40 million amerikan dollary möçberinde zyýan çekendiklerini çaklaýarlar.
XS
SM
MD
LG