Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Çaknyşyklar dowam edýär


Yragyň howpsuzlyk güýçleri.
Yragyň howpsuzlyk güýçleri.
Yragyň howpsuzlyk güýçleri sünni söweşijileriň ýolbaşçylygyndaky “Yrak yslam döwleti we Lewant” (ISIL) atly topara garşy söweşmegi dowam etdirýärler. Bu aralykda jeňçiler paýtagt Bagdada aralaşmaga dyrjaşýarlar.

Harby we polisiýa resmileriniň berýän maglumatlaryna görä, öten gijäniň dowamynda söweşijiler Bakuba şäheriniň käbir böleklerine hüjüm edip, olaryň gözegçiligini öz ellerine alypdyrlar. Emma howpsuzlyk güýçleri Bagdadyň 60 km demirgazygynda ýerleşýän bu şäherde jeňçilere gaýtawul bermegi başardylar.

Bu aralykda söweşijiler paýtagtyň 420 km demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Tal Afar şäheriniň kontrollogyny tas doly ele alypdylar. Emma 17-nji iýunda howpsuzlyk güýçleri we graždan ilatdan bolan söweşijiler şäheriň käbir böleklerini yza almagy başardylar.

Häkimiýetler çaknyşyklarda onlarça adamyň ölendigini habar berýärler.

Mundan öň ISIL-iň söweşejileri Yragyň ikinji uly şäheri Mosuly we Bagdadyň demirgazygyndaky Tikriti eýelediler.

Howp

Birleşen Milletler Guramasynyň Bagdat boýunça wekili Nikolaý Mladenow 17-nji iýunda çykyş edip, ISIL söweşijileriniň [paýtagta tarap] ilerlemeginiň “Yrak üçin howpludygyny, şol bir wagtda-da [bu ýagdaýlaryň] sebite hem uly wehim salýandygyny” aýtdy.

Mladenow “Yragyň soňky ýyllaryň dowamynda özbaşdaklyk we territorial bütewülik babatynda uly howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny” sözünüň üstüne goşdy.

Bu aralykda BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Mun Yragyň premýer-ministri Nuri al-Malikä ýüzlenip, ýurtda mezhebara çaknyşyklaryň öňüni almagyň hatyrasyna özara dialoga geçmäge çagyrdy.

17-nji iýunda Ženewada eden çykyşynda Ban Ki-Mun adam hukuklaryny äsgermeýän döwletlerde “ekstremizme we terrorrizme esasyň döredilýändigini” aýratyn belläp geçdi.

Goşmaça goşun

Şol bir wagtda-da ABŞ özüniň Bagdatdaky ilçihanasynyň goragyny üpjün etmek üçin Yraga 275 sany amerikan esgerini ýollady. Prezident Barak Obama Yraga goşmaça goşun ýollaýandygyny Kongresiň dykgatyna ýetirdi.

ABŞ-nyň resmileri Yrakdaky ýagdaýlar boýunça Eýran bilen hem konsultasiýalaryň geçirilendigini tassykladylar.

Döwlet departamentiniň metbugat wekili Jen Psaki bu konsultasiýalaryň maksady Yrak hökümetiniň bu konfliktde öz hereketlerini mezhebara görnüşde alyp barmazlygy we jogapkärçiliklli çemeleşmegi ugrunda Eýranyň oýnap biljek roluna gönükdirilendigini mälim etdi.

Emma Ak tam ABŞ bilen Eýranyň arasynda bolup biljek haýsydyr bir harby hyzmatdaşlyk meselesine asla garamaýandygyny-da äşgär etdi.

ABŞ bilen Eýran uzak wagtlardan bäri biri-birine garşy durup gelýärdiler. Emma iki ýurt hem ISIL-iň sebite salýan howpunyň öňüni almak meselesi bilen gyzyklanýarlar. Häzirki wagtda ABŞ-da, Eýran-da Bagdada harby taýdan kömek bermek meselesine garaýarlar.
XS
SM
MD
LG